barlamak

barlamak
işlik
[ba:rlamak]
1) Bir zadyň dogrulygyny anyklamak üçin derňew geçirmek, derňäp görmek.
∙ Ony siziň işiňizi barlaýan komissiýanyň hem başlygy edip belläpdirler. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
∙ Bu keşdäniň daşyndan garasaň, göýä bir açylyp oturan güle meňzeýärdi, el bilen barlamasaň, onuň matadygy hem mälim däldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
2) Synap görmek, synagdan geçirmek, synamak.
∙ Traktoryň işleýşini barladylar.
3) Gözden geçirmek, sermeläp görmek, agtarmak.
∙ Hojam eli bilen gapdalyny barlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Soň şu eňegi ýaglyk bilen daňylgy adam döwekçileriň goşuny barlamaga başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wapa)
4) Ylmy esasda öwrenmek maksady bilen barlag işini alyp barmak, derňemek.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Смотреть что такое "barlamak" в других словарях:

  • barlamak — cesticu etmek, tefahhüs ve tefakküd etmek …   Çağatay Osmanlı Sözlük


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»